ynjalyk

ynjalyk
[y:njalyk]
1) Howsalaly bolmazlyk, aladaly dällik, rahatlyk.
∙ Mamanyň şol uklaman, horlaman ýatmagy, ony ynjalykdan aýyrýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
2) Oňaýlylyk, rahatlyk, dynçlyk.
∙ Özüň bilýärsiň, biz bir daýhan adam, şu agajyň üstünde oturyp ynjalygymyz hem bolanok. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem ynjalyk - ynjalygy.
ynjalygyňy gaçyrmakAladaly ýagdaýa salmak, ünjüli ýagdaýa salmak, howsala salmak, birahat etmek.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем решить контрольную работу

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»